Ronaldu yzygider ikinji gezek Saud Arabystanynyň ligasynyň iň gowy oýunçysy boldy

  • 05.10.2023 09:31
  • 15k+

“Al-Nasryň” portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Saud Arabystanynyň ligasynda sentýabr aýynyň iň gowy oýunçysy diýlip saýlandy. Bu barada çempionatyň metbugat gullugyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Ronaldu sentýabr aýynda geçirilen dört oýunda bäş gol salyp, üç netijeli geçirim etdi. Ol saud ligasynda aýyň iň gowy oýunçysy adyna yzygider ikinji gezek mynasyp boldy.
Portugaliýaly oýunçy “Al-Nasra” 2023-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda geçdi. Klub bilen şertnama boýunça ol ýylda 200 mln ýewro alar. Şeýle-de, oýunçy we onuň maşgalasy üçin goşmaça bonuslar barada habar berildi.


şu gün 10:53
164

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
3.9k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.3k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......