Apple ähli Apple Watch Series 0 sagatlaryny bejermegi bes etdi

  • 05.10.2023 09:21
  • 7.9k+

2015-nji ýylda çykarylan birinji nesliň Apple Watch modelleri 30-njy sentýabrda Apple-iň könelişen önümleriniň sanawyna goşuldy. Netijede, bu könelişen Series 0 sagatlary indi Apple Store dükanlarynda we kompaniýanyň ygtyýarly hyzmat merkezlerinde abatlamak ýa-da başga bir hyzmatlar üçin degişli däldir. Bu barada ixbt.com habar berýär.

Könelişen modelleriň sanawyna çykarylan wagty 17 000 dollara çenli bahasy bolan 18 karat altyndan korpusly birinji nesliň Apple Watch Edition sagatlary girýär. Bitewi altyndan bolan Apple Watch sagatlarynyň önümçiligi 2016-njy ýylda bes edildi we 1299 dollar bahaly keramiki Apple Watch Edition bilen çalşyryldy. Programma üpjünçiligi barada aýdylanda, 2018-nji ýylda watchOS 5 arassa altyndan bolan Apple Watch bilen ylalaşyjylygy ýitirdi.
38 we 42 mm ölçegli alýuminden we poslamaýan polatdan bolan asyl nusgadaky Apple Watch sagatlary hem, şol sanda Hermes görnüşi indi köne hasaplanýar.
Apple önümi satuwda ýaýramagyny bes edeninden ýedi ýyldan köp wagt geçen bolsa, tehnologiki taýdan könelişen diýip kesgitleýär. Asyl nusgadaky Apple Watch sagatlarynyň önümçiligi Apple Watch Series 2 we Series 1 modelleri çykandan soň 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda bes edildi, şonuň üçin birinji nesil modelleri ýakynda ýedi ýyl möhletden geçdi.


13.03.2026 16:33
3.1k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...