Apple iPhone 15 -iň aşa gyzmagy bilen bagly meseläni iOS täzelenmesinde çözmegi wada berdi

  • 04.10.2023 16:34
  • 15k+

iPhone 15 -iň aşa gyzmagy bilen baglanyşykly mesele iOS 17 programma üpjünçiliginiň täzelenmesinde çözüler diýip, The Wall Street Journal Apple  smartfon öndürijisine salgylanyp habar berýär.

"Biz iPhone-yň garaşylyşyndan has gyzmagyna sebäp bolup biljek birnäçe şerti kesgitledik" – diýip, kompaniýanyň wekili mälim etdi. Onuň sözlerine görä, smartfon şu aşakdaky sebäpler bilen bagly gyzyp biler:

  • adaty sazlama sebäpli, sebäbi ulanylyşyň ilkinji günlerinde iPhone, adatça, gaty gyzýar;
  • iOS näsazlyklary sebäpli - Apple iOS 17-de "programma üpjünçiliginiň täzelenmeginde çözüljek" bir näsazlygy tapandygyny aýtdy;
  • smartfon ulgamyna “artykmaç agram düşmegine” sebäp bolýan üçünji tarap programmalary.

Apple -iň goldaw sahypasynda enjam aşa gyzsa,  temperaturany sazlamak üçin, içerki böleklerinde goragyň işjeňleşýändigi aýdylýar. Şeýlelik bilen, iPhone aşa gyzanda smartfon zarýada birikdirilen bolsa, zarýad almagyny bes edip biler ýa-da ekrany garaltmak bilen öçürip, kameranyň fleşkasyny wagtlaýyn söndürip, öndürijiligini peselder. Mundan başga-da, enjam “iPhone sowamaly” diýen degişli duýduryşy görkezip biler.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...