Beýonseniň film-konsertiniň senesi belli boldy

  • 04.10.2023 16:27
  • 14k+

Teýlor Swiftden soň uly göwrümli film-konserti bolan amerikaly aýdymçy Beýonse bolar. Onuň “Renaissance” atly dünýä syýahatynyň ýazgysy ABŞ-da 1-nji dekabrda prokata çykar diýip, film.ru habar berýär.

Prokata çykaryjy bolup AMC kinoteatrlar tory çykyş eder. Kompaniýanyň ýolbaşçylygy bu maglumaty heniz tassyklamady. Aýtmaklaryna görä, Beýonse konserti sentýabr aýynyň ahyrynda Tehas ştatyndaky öz dogduk şäheri Hýustonda ýazypdyr.
Ýeri gelende bellesek, Teýlor Swiftiň “The Eras Tour” konserti 13-nji oktýabrda bütin dünýä boýunça çykarylar. Analitikler taslamanyň ilkinji uikendde 100 mln dollar girdeji gazanjakdygyny çaklaýarlar, bu hem ähli konsertleriň we dokumental filmleriň arasynda rekord bolar.

düýn 20:25
4.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
5.7k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.6k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......