Aydym.com studiýasynda Atabaý Çarygulyýewe bagyşlanan çäre geçirildi

  • 05.10.2023 01:19
  • 24k+

3-nji oktýabrda Aydym.com studiýasynda Türkmenistanyň halk artisti, aýdym-saz sungatynyň ägirdi Atabaý Çarygulyýewiň doglan gününiň 65 ýyllygy hem-de ussat halypamyzyň körpe uýasy Bägül Nurmyradowanyň “Atabaý Çarygulyýew Garaşsyzlyk döwrüniň sungat äleminde” atly täze kitabynyň çap hem-de audio nusgasynyň çykmagy mynasybetli “Bagşy – ýürekleriň nagşy” atly we “Ýol gözledim, ýüreklerde ýer etdim, Siz üçin ölmejek aýdym döretdim” şygary bilen dabaraly çäre geçirildi. Dabara meşhur režissýor Gülälek Hezretgulyýewa tarapyndan gurnaldy.

Türkmenistanyň halk artistleri Gülşat Gurdowa, Kerim Gurbanalyýew, Maral Durdyýewa, Züleýha Kakaýewa dagy, şeýle-de Kakadurdy Täjimow, Sädi Sädiýew, Gasan Mämmedow ýaly ussatlar, Atabaý Çarygulyýewiň dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary, muşdaklary hem-de ýurdumyzyň meşhur sazandalarydyr ussat kompozitorlary bu dabaranyň hormatly myhmanlary boldular. Dabara gatnaşanlar halypanyň ömür we döredijilik ýoly barada ýakymly ýatlamalar bilen çykyş etdiler.
Şeýle-de, dabaranyň dowamynda Atabaý Çarygulyýewiň döredijilik ýörelgesinden ugur alyp, öz aýdymlary bilen çykyş edýän ýaş aýdymçy Rahym Gökdepeliniň “Watan saňa” atly ilkinji albomy hödürlendi. Ol dabarada ussat halypamyzyň “Ýazgül”, “Gözelim” ýaly diňleýjileriň ýüreginde orun alan aýdymlaryny ýerine ýetirdi.

düýn 20:25
4.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
5.7k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.6k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......