Demirgazyk Koreýadan agyr atletikaçylar 49 we 55 kg agram kategoriýalarynda dünýä rekordlaryny goýdular

  • 04.10.2023 16:16
  • 10k+

Demirgazyk Koreýadan agyr atletikaçylar Ri Son Gum we Kan Hýon Ýong Aziýa oýunlarynda, degişlilikde, 49 we 55 kg çenli agram kategoriýalarynda zenanlaryň arasynda dünýä rekordlaryny goýdular. Bu barada championat.com habar berýär.

Ri silterläp götermekde 92 kg we itekläp götermekde 124 kg galdyrdy, bu hem oňa 216 kg netijäni, şeýle-de dünýä rekordyny we altyn medaly berdi. Öňki dünýä rekordy 215 kg bolup, üç hepde öň goýlupdy.
Kan silterläp götermekde 103 kg we itekläp götermekde 130 kg galdyrdy (jemi 233 kg), bu hem 55 kg çenli agram kategoriýasynda iň gowy netijedir. Öňki rekord 227 kg bolup, 2019-njy ýylda goýuldy.


02.06.2026 17:37
5.1k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

21.05.2026 11:27
3.3k+

Türkmen agyr atletikaçylary Aziýa çempionatynda bir kümüş we dört bürünç medal aldy

2026-njy ýylyň 9-17-nji maýy aralygynda Hindistanyň Gandinagar şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary üstünlikli çykyş etdi. Türkmen türgenleri bu abraýly......

14.05.2026 15:38
2.4k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

05.05.2026 17:34
9.5k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....