104 ýaşly amerikaly aýal paraşýut bilen bökmekde rekord goýdy

  • 04.10.2023 16:12
  • 21k+

Çikagonyň 104 ýaşly ýaşaýjysy 4100 metrden paraşýutly bökmek bilen, Ginnesiň rekordlar kitabynyň iň garry paraşýutçysy hökmünde şahadatnama almak isleýär. Bu barada MIR24 habar berýär.

Doroti Hoffner Çikagonyň howa menziline ýöremäge kömek edýän enjam bilen geldi. Oňa borta galmaga instruktorlar kömek etdi, şondan soň uçar dört kilometrden gowrak belentlige galdy. Amerikaly böküşini tejribeli paraşýutçy Derek Bakster bilen tandemde ýerine ýetirdi.
Gonuşdan soň Baster böküşden öň garry aýalyň özüni arkaýyn we ynamly alyp barandygyny aýtdy. Hoffneriň özi bolup geçen zatlaryň örän ajaýypdygyny belläp, “ýaşyň – diňe bir sandygyny”, indiki başdan geçirmesiniň bolsa howa şarynda uçuş boljakdygyny sözüniň üstüne goşdy.
Indi ol dünýädäki iň garry paraşýutçy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girmek isleýär. Häzirki wagtda bu titul Şwesiýadan 103 ýaşly Linniýa Ingegard Larssona degişli. Ol 2022-nji ýylyň maý aýynda paraşýutly bökdi. Hoffneriň böküşini gurnan kompaniýa hem Ginnesiň rekordlar kitabynyň amerikalynyň üstünligini rekord hökmünde ykrar etmegine gyzyklanma bildirdi.


19.06.2026 19:53
2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

18.06.2026 22:32
4.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......