Gresiýa ýaşlaryň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylaryna Olimpiýa alawyny gowşurdy

  • 04.10.2023 15:10
  • 6.4k+

Afinanyň merkezi stadionynda Gün şöhlelerinden ýakylýan Olimpiýa alawy 2024-nji ýylda Günorta Koreýada geçiriljek ýaşlaryň IV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylaryna gowşuryldy diýip,  TASS-yň habarçysy wakanyň bolan ýerinden habar berdi.

Olimpiýa alawynyň ýakylyş dabarasy sişenbe güni 1896-njy ýylda ilkinji döwrebap Olimpiýa oýunlarynyň geçirilen ýeri bolan Afinadaky taryhy, ak mermerli “Panatinaikos” stadionynda geçirildi. Olimpiýa senasy ýaňlandy we Olimpiýa baýdagy galdyryldy. Soňra Günorta Koreýanyň we Gresiýanyň döwlet senalary ýaňlandy we olaryň milli baýdaklary galdyryldy.
Gadymy köýnek we sandal geýen, baş ruhanynyň keşbini ýerine ýetiren grek aktrisasy Gün şöhlelerine gönükdirilen parabolik aýnany ulanyp, Olimpiýa alawyny ýakdy we soňra alaw stadionyň içinden geçen uly bolmadyk estafeta tarapyndan  Günorta Koreýada ýaşlaryň gyşky olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň prezidenti Çin Çžon O geçirildi.
Günorta Koreýa ýaşlaryň dördünji gyşky oýunlaryny kabul eder. Birinjisi 2012-nji ýylda Insbrukda (Awstriýa), ikinjisi 2016-njy ýylda Lillehammerde (Norwegiýa), üçünjisi 2020-nji ýylda Lozanna (Şweýsariýa) şäherinde bolup geçdi.
IV gyşky ýaşlar olimpiadasy 2018-nji ýylda Phýonçhanda uly ýaşlylaryň Olimpiýa oýunlaryny kabul eden Kanwondo welaýatynda 19-njy ýanwardan 1-nji fewral aralygynda geçiriler. Bu Aziýada geçiriljek ilkinji gyşky ýaşlar olimpiýa oýunlarydyr.


06.05.2026 23:46
1.8k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.7k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....

24.04.2026 07:19
3.4k+

Inçhon Gran-prisi: Günorta Koreýa Formula-1 ýaryşlaryna 5 km-lik şäher ýaryş ýoly bilen dolanýar

Günorta Koreýa Inçhon şäherinde köçe ýaryşyny guramak arkaly 2028-nji ýylda Formula-1 çempionatynyň senenamasyna dolanmagy meýilleşdirýär. Bu barada «The Korea Times» neşiri habar berýär....

03.03.2026 11:20
3.3k+

Ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly auksionda tas dört esse gymmat satyldy

Ilkinji häzirkizaman Olimpiýa oýunlarynda gowşurylan medal auksionda 181,3 müň dollara satyldy. Onuň ahyrky bahasy çaklanylan bahadan tas dört esse ýokary boldy diýip, Reuters habar berýär. 1896-njy ýylda Afinada geçirilen ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly «Bruun Rasmussen Arts Auctioneers» onlaýn auksionynda satyldy...