Fizika boýunça Nobel baýragy elektronlaryň we ýagtylygyň tebigatynyň öwrenilişi üçin berildi

  • 03.10.2023 21:25
  • 6.1k+

2023-nji ýylyň fizika boýunça Nobel baýragy fransiýa-amerikaly Pýer Agostinä, wengriýa-awstriýaly alym Ferens Krausa we fransiýaly gözlegçi Ann L’Ýuile berildi. Bu barada Şwesiýanyň Patyşalyk ylymlar akademiýasy habar berdi diýip, TASS belleýär.

Baýrak “elektronlaryň materiýadaky hereketini öwrenmek üçin attosekunt ýagtylyk impulslaryny döredýän synag usullary” üçin berildi.

“Baýrak eýeleriniň tejribeleri şeýle bir gysga ýagtylyk şöhlesini döretmäge mümkinçilik berdi welin, olar attosekuntlarda ölçenilýär hem-de şeýle şöhleleriň kömegi bilen atomlaryň we molekulalaryň içindäki prosesleriň suratyny almagyň mümkindigini görkezdi” – diýlip, habarda bellenilýär.

Bu öň yzarlap bolmaýan prosesleri öwrenmäge mümkinçilik berdi. “Indi biz elektronlar dünýäsine tarap gapy açyp bilýäris. Attosekunt fizikasy elektronlaryň dolandyrýan mehanizmlerine düşünmäge mümkinçilik berýär. Indiki ädim olaryň ulanylyşy bolar” – diýip, fizika boýunça Nobel komitetiniň başlygy Ýewa Ulsson belledi.
Bellenilişi ýaly, attosekunt impulslary dürli molekulalary kesgitlemek üçin ulanylyp bilner, mysal üçin, lukmançylyk diagnostikasynda.


08.10.2025 16:25
2.3k+

Himiýa boýunça Nobel baýragy “metal-organiki karkas gurluşlaryň döredilendigi” üçin berildi

Şwesiýada himiýa boýunça Nobel baýragynyň laureatlary yglan edildi – olar Susumu Kitagawa, Riçard Robson we Omar Ýagi boldy. Olara baýrak “metal-organiki karkas gurluşlary işläp taýýarlandygy üçin” berildi diýlip, Nobel komitetiniň habarynda aýdylýar...

07.10.2025 17:45
3.6k+

Fizika boýunça Nobel baýragy kwant tehnologiýalary ulgamynda açyş üçin berildi

Nobel komiteti 2025-nji ýylyň fizika boýunça baýragynyň eýelerini yglan etdi – olar üç amerikaly alym Jon Klark, Mişel Dewore we Jon Martinis boldy. Olara baýrak “makro derejesinde kwant tunneliniň açyşy we elektrik zynjyrynda energiýanyň kwantlaşmagyny görkezendigi üçin” berildi...

06.10.2025 17:39
3.1k+

Fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragy immun ulgamynyň öwrenilendigi üçin berildi

Stokgolmda fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragynyň eýeleri yglan edildi. Baýrak “periferik immunologik tolerantlyk” diýlip atlandyrylýan ugurdaky açyş üçin amerikalylar Meri E.Brankowa, Fred Ramsdella we ýaponiýaly Şimon Sakaguçä berildi...

09.10.2024 19:03
4.5k+

2024-nji ýylda himiýa boýunça Nobel baýragy belok gurluşlarynyň öwrenilendigi üçin berildi

2024-nji ýylda himiýa boýunça Nobel baýragynyň eýeleri amerikaly Dewid Beýker hem-de britaniýalylar Demis Hassabis we Jon Jamper boldular. Şwesiýanyň Patyşalyk Ylymlar akademiýasynyň bu çözgüdini 9-njy oktýabrda...