iOS-da işleýän WhatsApp emeli intellekt arkaly tekste görä stiker döretmegi öwrendi

  • 03.10.2023 17:10
  • 4k+

«iPhone-da» «WhatsApp-yň» beta wersiýasyny ulanyjylaryň käbirinde emeli intellekt arkaly tekstde beýan edilişine görä, öz stikerlerini döretmek mümkinçiligi peýda boldy. Bu barada WABetaInfo portaly habar berýär.

Täze mümkinçilik «iOS-da» işleýän «WhatsApp-yň» 23.20.1.70 belgisi beta wersiýasynda işläp başlady we ol «TestFlight» hyzmatynda synagçylar üçin elýeterlidir.
WABetaInfo tarapyndan neşir edilen suratda täze aýratynlygyň nähili işleýändigini görkezilýär – diňe pikiriňi beýan etmek ýeterlikdir, şondan soň messenjer emeli intellekt arkaly ulanyjynyň haýyşy boýunça döredilen stikerleriň birnäçe nusgasyny hödürleýär. Soň bolsa şolaryň içinden halanyňy saýlamaly we söhbetdeşiňe ibermeli. Şeýle hem paýlaşylan suratda «skeýtbordda gülýän pişik» buýrugy boýunça döredilen stikeriň nähili görünýändigini görkezilýär.
Messenjeriň bu funksiýasy ykjam goşundynyň «Android-da» işleýän 2.23.17.14 wersiýasynda hem käbir synagçylar üçin elýeterlidir.
Emeli intellekt arkaly stiker döretmek we ibermek funksiýasynyň doly giriziljek wagty heniz belli däl. Messenjeri döredijiler 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda «WhatsApp-a» beýleki emeli intellekt funksiýalaryny, şol sanda «çat-bot» we işewürlik hasaplary üçin täze aýratynlyklary girizmegi wada berdiler. Bu täze mümkinçilikleriň 2023-nji ýylyň ahyryna çenli işläp başlamagyna garaşylýar.


17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......