Şotlandiýada Hellouin baýramçylygynda Şregiň öýi kärendesine berilýär

  • 03.10.2023 16:59
  • 17k+

Islendik adam «Airbnb» hyzmatlar ulgamynda öňünden bronlap, Şregiň batgalykdaky öýünde wagtlaýyn ýaşap biler.

Hellouin baýramynyň öňüsyrasynda, 2023-nji ýylyň 27 – 29-njy oktýabry aralygynda dünýäniň dürli künjeklerinden gelen myhmanlar Şotlandiýada mugt, ýöne diňe öňünden hasaba alynmak arkaly ýaşaýyş jaýyny bronlap bilerler. Şeýle aksiýa ilkinji gezek geçirilýär.

«Men sizi uly hormat bilen ertekä myhman bolmaga çagyrýaryn. Batgalykda dynç alýarkaňyz myhmanlar gijä çenli oturyp bilerler, hekaýalar aýdyşyp, adamhor ýaly iýip-içip bilerlersiňiz – men rowaýata öwrülen waflileri bişirerin. Öýde maňa nämäniň ýaraýandygyny bilýärsiňizmi? Ähli zat. Ösümliklerden landşaft, sada interýerler, owadan gaýalar, hemme zat. Jennetiň bu hapa bölejigini myhmanlaryň hut özleriniň görmeklerine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn» diýip, multfilm gahrymany Eşegiň adyndan berlen beýanda bellenilýär.

Muşdaklar üçin ajaýyp ýatylýan ýer taýýarlandy, ýöne ähli şertler, hajathana we hammam jaýdan 20 metr uzaklykda ýerleşer. Şregiň öýüne «Howp», «Girmäň» we «Ägä boluň, adamhor» ýazgylary eltýär. Ony döredijileriň bellemeklerine görä, bu ýer myhmanlar üçin surata düşülýän zolagyna öwrüler.

düýn 20:25
4.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
5.7k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.6k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......