Wideobloger iPhone 15 Pro Max-y, Samsung S23 Ultra-ny we Pixel 7-ni doňduryp synag etdi

  • 03.10.2023 11:03
  • 36k+

«TechDroider» YouTube kanalynyň awtory «iPhone 15 Pro Max», «Samsung S23 Ultra» we «Pixel 7 Pro» smartfonlarynyň üstünde geçiren synagynyň wideosyny paýlaşdy.

Ol smartfonlary ýagşyň aşagynda goýdy, duşda üstlerine suw sepdi, bu olaryň işine hiç hili täsir etmedi. Soňra bloger enjamlary suwly gaba ýerleşdirmek bilen synaglary çylşyrymlaşdyrdy. Şeýle-de bolsa, smartfonlar işlemegini dowam etdirdiler we zarýad bermezden ozal USB Type-C portuny guratmagyň zerurlygy barada duýduryş görkezdiler. Mundan başga-da, «Google Pixel 7 Pro» flagmany zarýad beriş bölüminiň  gurandygyny we zarýad bermäge taýýardygyny habar berdi. «Samsung Galaxy S23 Ultra» bolsa suw astyndaka-da S Pen stilusy arkaly buýruklary kabul etmegini dowam etdirdi.
«TechDroider» soňra smartfonlary alty sagatlap doňdurdy. Eredilenden soň, üç enjamyň hem dinamikleriniň işleýşi ýaramazlaşdy, «iPhone 15 Pro Max-yň» bolsa kamerasynyň aşagynda kondensat emele geldi we gysga wagtyň içinde bugaryp gitdi. Bir gün geçensoň, «iPhone 15 Pro Max-dan» başga ähli smartfonlar doly iş ýagdaýyna gaýdyp geldi, «iPhone» bolsa simli zarýad berijä birikmek üçin täzeden açylmagyny (perezagruzka) talap etdi.


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

12.05.2026 14:43
7.9k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....