Bugatti günden goraýan täze äýnek toplumyny hödürledi

  • 03.10.2023 10:41
  • 8.2k+

Parižde geçirilen SILMO halkara optiki sergisinde Bugatti Günden goraýan täze äýnek toplumyny hödürledi. Ol Collection Two diýip atlandyrylýar, sebäbi bu giperkar öndürijiniň meşhur dizaýner Larri Sends bilen ikinji hyzmatdaşlygy. Aksessuarlar markanyň baý taryhy mirasyndan ylham alýar we gymmat bahaly materiallar ulanylyp Ýaponiýada öndürilýär.

 

Täze tapgyrda 16 sany dürli dizaýn bolar - birinjidäkiden iki esse diýen ýaly köp, şeýle-de bolsa, şu wagta çenli resmi suratlarda diňe bäş dürli jübüt görkezildi. Mundan başga-da, ähli ýagdaýlarda dužkalarda fransuz awtoulag öndürijisiniň nyşanlary bar.
Kompaniýa Collection Two äýnekleriniň Bugatti-niň dizaýnynyň düýp manysyny şöhlelendirmek üçin “tekiz çyzyklary, goýy konturlary we çylşyrymly jikme-jiklikleri” birleşdirýändigini aýdýar. Olary öndürmekde 925 hilli kümüş, 18 karat altyn, sadap goýlup bezelen gara makassar agajy, karbon, titan we palladiý ulanyldy.
Şu wagta çenli Bugatti äýnegini diňe söwda araçyllaryndan satyn alyp bolýardy, ýöne indi söwda markasy onlaýn dükan açdy. Collection Two-yň bahalary we nusgasy entek aýan edilmedi.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....