Russiýanyň wekili «Älemiň supermodeli - 2023» bäsleşiginde ýeňiji boldy

  • 03.10.2023 10:34
  • 22k+

Iki çaganyň ejesi, 36 ýaşly Irina Kirsanowa “Älemiň supermodeli 2023” (Supermodel of the Universe 2023) atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Bu barada bäsleşigiň rus tarapdan guramaçylary TASS-a habar berdiler.

"30-njy sentýabrda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde “Älemiň supermodeli” halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. 36 ýaşly rus zenany Irina Kirsanowa ýeňiji boldy" - diýlip habarda aýdylýar.

"Älemiň supermodeli" halkara gözellik bäsleşigi 2016-njy ýyldan bäri geçirilýär. Onuň maksady, dünýäniň podiumlaryny we modeller guramalaryny täze keşpler bilen tanyşdyrmak. 2023-nji ýylda jemleýji tapgyr 24-30-njy sentýabr aralygynda Malaýziýada geçirildi. Bäsleşige Filippinleriň, Gollandiýanyň, Fransiýanyň, Siriýanyň, Nigeriýanyň, Moldowanyň we beýleki ýurtlaryň wekilleri gatnaşdy.


21.10.2024 16:49
3.3k+

Türkmenistan Russiýanyň kitaphanalaryna Magtymgulynyň ýygyndylaryny gowşurdy

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserler ýygyndysynyň sowgatlyk nusgalaryny Russiýanyň öňdebaryjy kitaphanalaryna gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Moskwadaky diplomatik...

06.02.2023 12:33
35k+

«Älem hanymy» adyna ilkinji gezek Russiýanyň wekili eýe boldy

Udmurtiýanyň ýaşaýjysy Ýelena Maksimowa “Älem hanymy – 2022” halkara gözellik bäsleşiginiň esasy titulyna eýe boldy. Bu ýyl bäsleşik 30-njy ýanwardan 5-nji fewral aralygynda Sofiýada geçirildi diýip, TASS habarlar...

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......