«Älem hanymy» adyna ilkinji gezek Russiýanyň wekili eýe boldy

  • 06.02.2023 12:33
  • 35k+

Udmurtiýanyň ýaşaýjysy Ýelena Maksimowa “Älem hanymy – 2022” halkara gözellik bäsleşiginiň esasy titulyna eýe boldy. Bu ýyl bäsleşik 30-njy ýanwardan 5-nji fewral aralygynda Sofiýada geçirildi diýip, TASS habarlar agentligi habar berýär.

“Udmurtiýanyň otuz dört ýaşly ýaşaýjysy Ýelena Maksimowa finaly 4-nji fewralda Sofiýada geçirilen “Älem hanymy – 2022” gözellik bäsleşiginde ýeňiji boldy” – diýip, bäsleşigiň metbugat gullugynda habar berilýär.

Bäsleşigiň finalyna Hytaý, Tailand, Filippinler, Ýaponiýa, Hindistan, Belarus, Ukraina, Germaniýa, Ispaniýa, ABŞ ýaly dürli ýurtlardan 120 zenan çykdy. 2007-nji ýyldan bäri geçirilýän bäsleşigiň taryhynda ilkinji gezek birinji orny Russiýanyň wekili eýeledi.
Ýelena Maksimowa Udmurt Respublikasynyň Gyýa obasynda dünýä indi. Häzir ol Ižewskde dil merkezleriniň ulgamyna ýolbaşçylyk edýär. Onuň iki çagasy bar we ol syýahat etmegi gowy görýär. Ol eýýäm 34 ýurtda syýahatda bolup gördi. 2021-nji ýylda Maksimowa “Ikinji Russiýa – Älem wise-hanymy” boldy, bu hem oňa bäsleşigiň halkara tapgyrynda ýurda wekilçilik etmäge mümkinçilik berdi.

“Bäsleşikde bäsdeşlik örän güýçli boldy – gatnaşyjylaryň sany rekord goýýar we olaryň ählisi-de ýeňiş gazanmaga mynasyp. Meniň üçin şeýle bäsleşikde ýurda wekilçilik etmek uly hormat we men ýeňiş bilen gaýdyp barýandygyma örän begenýärin. Aýratynam, Russiýa ýeňiş getiren ilkinji gatnaşyjy bolmak hasam ýakymly” – diýip, metbugat gullugy Maksimowanyň sözlerini getirýär.


21.10.2024 16:49
3.3k+

Türkmenistan Russiýanyň kitaphanalaryna Magtymgulynyň ýygyndylaryny gowşurdy

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserler ýygyndysynyň sowgatlyk nusgalaryny Russiýanyň öňdebaryjy kitaphanalaryna gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Moskwadaky diplomatik...

03.10.2023 10:34
22k+

Russiýanyň wekili «Älemiň supermodeli - 2023» bäsleşiginde ýeňiji boldy

Iki çaganyň ejesi, 36 ýaşly Irina Kirsanowa “Älemiň supermodeli 2023” (Supermodel of the Universe 2023) atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Bu barada bäsleşigiň rus tarapdan guramaçylary TASS-a habar...

04.03.2026 15:33
1.5k+

Louis Vuitton kompaniýasy Pasha baýramyna bagyşlanan şokolad şekiljikleriniň kolleksiýasyny çykarar

Louis Vuitton fransuz modalar öýi 2026-njy ýylyň Pasha baýramyna bagyşlanan Pasha süýji önümleri kolleksiýasynyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Satuwlar 13-nji martda başlaýar. Bu setir üç önümi öz içine alar: Egg Bag we mini Egg Bag görnüşindäki şokolad önümleri, şeýle hem towuk jüýjesiniň şekiljigi...

02.03.2026 16:04
1.1k+

Denim estetikasy ýüzüne siňen Lili-Rouz Depp Chanel-iň täze «Coco Denim» kolleksiýasyny görkezdi

Hypebae neşiriniň habar bermegine görä, Chanel modalar öýi «Coco Denim» atly täze çäklendirilen makiýaž kolleksiýasyny görkezdi. Onuň ýüzi hökmünde bolsa aktrisa we brendiň ilçisi Lili-Rouz Depp çykyş etdi. Mahabat kampaniýasynda Depp önümleriň esasy aýratynlyklaryny görkezýär...