Lukmançylyk boýunça Nobel baýragynyň eýeleri belli boldy

  • 02.10.2023 17:52
  • 15k+

2022-nji ýylyň Fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragy wengriýaly alym Katalin Kariko we amerikaly Drýu Waýsmana berildi. Bu barada Stokgolmyň Karolinska institutynyň Nobel komiteti yglan etdi diýip, TASS habar berýär.

Alymlar “COVID-19-a garşy netijeli mRNK sanjymlaryny işläp taýýarlamaga mümkinçilik beren nuklein kislotalarynyň esaslaryny üýtgetmek ugrundaky açyşlary üçin” bu baýragyň eýeleri boldular.

“Iki Nobel baýragynyň eýeleriniň açyşlary 2020-nji ýylyň başynda başlanan pandemiýa döwründe COVID-19-a garşy netijeli mRNK sanjymlaryny işläp taýýarlamakda möhüm rol oýnady. Olaryň mRNK-nyň immun ulgamymyz bilen özara gatnaşygy baradaky düşünjämizi düýpgöter üýtgeden açyşlary adam saglygy üçin iň uly howplaryň biriniň dowam edýän döwri sanjymlaryň işlenip taýýarlanylyşynyň görlüp-eşidilmedik ýagdaýda çaltlaşdyrylmagyna ýardam etdi” – diýip, Nobel komiteti metbugat relizinde belleýär.

Komitetiň hünärmenleriniň belleýşi ýaly, “mRNK sanjymlarynyň taýýarlanyş tizligi beýleki ýokanç kesellere garşy sanjymlar üçin hem täze platformany ulanmaga ýol açýar. Geljekde bu tehnologiýa terapewtik beloklary ýetirmek we käbir rak kesellerini bejermek üçin ulanylyp bilner”.

“Dürli metodologiýalara esaslanýan SARS-CoV-2-ä garşy başga-da birnäçe sanjymlar hem çalt ornaşdyryldy we umuman alanyňda, tutuş dünýäde 13 milliarddan gowrak COVID-19-a garşy sanjym dozasy goýberildi. Sanjymlar millionlarça adam janyny halas edip we köp adamlarda agyr keselleriň öňüni alyp, jemgyýetiň açylmagyna we kadaly şertlere gaýdyp gelmegine mümkinçilik berdiler” – diýip, şwesiýaly hünärmenler belleýär.


düýn 12:08
5.5k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......