“Marweller” Marvel kinoäleminiň iň gysga filmi bolar

  • 01.10.2023 23:51
  • 13k+

Culture Crave insaýderi “Twitterde” “Marweller” (“The Marvels”) filminiň hronometražyny aýan etdi. Filmiň dowamlylygy bary-ýogy 1 sagat 45 minut bolar. Bu barada championat.com belleýär.

Bu film Marvel kinoäleminiň taryhynda iň gysga film bolar. “Marweller” 2023-nji ýylda Marvel-iň iň soňky filmi bolar: mundan öň kompaniýa “Garynja adam 3” we “Galaktikanyň sakçylary 3” kartinalaryny çykardy. Lentanyň režissýory hökmünde Nia DaKosta (“Kendimen”) çykyş etdi.
Belläp geçsek, bu film Kapitan Marweliň, Miss Marweliň we Monika Rambonyň duşuşygy barada gürrüň berer. Gahrymanlar umumy duşman bilen çaknyşyp, oňa gaýtawul bererler. Filmiň özi kinoäleminiň möhüm bölegi bolup, hem Monikany, hem Miss Marweli has gowy açyp görkezmeli.
“Marwelleriň” premýerasy şu ýylyň 10-njy noýabrynda bolar.

düýn 20:25
4.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
5.7k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.6k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......