Xiaomi Leica kameralary ýerleşdirilen 13T we 13T Pro flagmanlarynyň çykjakdygyny yglan etdi

  • 01.10.2023 23:26
  • 7.9k+

«Xiaomi» «13T» we «13T Pro» atly iki sany täze flagman smartfonyny tanyşdyrdy. Bu barada «The Verge» habar berýär.

«Xiaomi-niň» öňki flagmanlary ýaly, «13T» we «13T Pro» hem «Leica» brendiniň kamera ulgamy bilen enjamlaşdyryldy. Smartfonlarda 1/1,28 dýuým sensorly 50 megapikselli esasy kamera, 50 megapikselli teleobýektiw we 12 megapiksel durulykly ultra giň burçly linza ornaşdyryldy. Frontal kamerasy bolsa 20 MP durulykdadyr.
«Xiaomi 13T Pro-nyň» içinde «MediaTek Dimensity 9200 Plus» prosessory, «13T-de» bolsa «Dimensity 8200-Ultra prosessory oturdyldy. Ikisinde-de 5000 mAs sygymly batareýa bar, «13T Pro» 120W çenli kuwwatly çalt zarýad beriji bilen zarýad berip bolýar. «13T» modeliniň iň ýokary zarýad güýji bolsa 67 Wt-dyr.
Iki telefonda-da 144Hz-a çenli täzeleniş tizligi, iň ýokary ýagtylygy 2600 nit we 2712-ä 1220 piksel durulygy bolan 6,67 dýuýmlyk displeý bar. Iki telefon hem IP68 standarty boýunça suwdan we tozandan goraglydyr.
«Xiaomi 13T Pro» 12 GB operatiw ýatly we 256 GB goşmaça ýatly, 12 GB operatiw ýatly we 512 GB goşmaça ýatly, şeýle hem 16 GB operatiw ýatly we 1 TB goşmaça ýatly nusgalarda elýeterlidir. «Xiaomi 13T» bolsa 8 ýa-da 12 GB operatiw ýat, 256 GB goşmaça ýat bilen hödürlenýär.
«Xiaomi 13T Pro-nyň»  bahasy 790 dollardan, «Xiaomi 13T-nyňky» bolsa 669 dollardan başlaýar. Enjamlar eýýäm Europeewropada we Beýik Britaniýada satyn almak üçin elýeterlidir.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...