Ýaponiýada ýurduň iň beýik binasynyň gurluşygy başlandy

  • 01.10.2023 07:58
  • 15k+

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik binasynyň gurluşygy badalga aldy. Bu barada taslamanyň taslamasynyň operator-kompaniýasy Mitsubishi Estate mälim etdi.

Gurluşyk paýtagtyň merkezindäki Tokio demirýol menziliniň ýanynda başlandy. Torch Tower diýlip atlandyryljak binanyň beýikligi, takmynan, 390 metr bolar, gurluşygyň 2028-nji ýylyň martyna çenli tamamlanmagyna garaşylýar. Şeýlelikde, täze bina häzirki rekord eýesinden - Tokioda ýerleşýän 330 metr beýiklikdäki Azabudai Hills binasyndan öňe geçip, ýurtdaky iň beýik bina bolar.
Görnüşi we dizaýny boýunça täze gökdirän bina, adyndan belli boşy ýaly, alawa meňzär. Binanyň ýokarky gatlarynyň yşygynyň has ýiti şöhle saçmagyna we alawyň ýalnynyň täsirini döretmegine garaşylýar.


18.06.2026 22:13
5.1k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

04.06.2026 11:45
2.4k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......