Jonni Depp suratkeş Modilýani barada Al Paçino bilen film surata düşürýär

  • 01.10.2023 08:13
  • 6.1k+

Aktýor we režissýor Jonni Depp Wengriýada meşhur suratkeş Amedeo Modilýani barada “Modi” filmini surata düşürip başlady. Onuň filmine Al Paçino hem gatnaşyp, kolleksioneriň keşbini ýerine ýetirer. Bu barada vesti.ru habar berýär.

Mundan başga-da, filmiň aktýor düzümine italiýaly aktrisa Luiza Ranýeri (“Hudaýyň eli”) goşuldy. Deppiň kinolentasynda ol Modilýani tarapyndan suraty çekilen, italýan kafesiniň hojaýyny Rozaliniň keşbini ýerine ýetirer. Suratkeşiň durmuşynda, hakykatdan hem, oňa serhoş wagty sereden, garyp wagty naharlan bir zenan bolupdyr.
Baş keşbi 43 ýaşly italiýaly aktýor Rikkardo Skamarço ýerine ýetirer diýip, “Variety” habar berýär.
Sýužet boýunça Modilýani polisiýadan gaçýar we döredijilik çökgünligine sezewar bolýar. Şu pursat ol durmuşyny üýtgetjek kolleksioner bilen duşuşýar.
Bu Deppiň ikinji režissýorlyk işi. Birinjisi “Batyr” filmi (1997) bolupdy.

düýn 20:25
4.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
5.7k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.6k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......