BLACKPINK-den Lisa taryha girdi: “MONEY” aýdymy Spotify-da bir milliard gezek diňlemeden geçdi

  • 30.09.2023 17:16
  • 12k+

K-pop ýyldyzy Lisa özüniň solo aýdymy bilen ajaýyp rekord goýdy. Onuň ilkinji “LALISA” aýdymynyň bi-saýdy bolan “MONEY” aýdymy Spotify-da solo aýdymçysynyň 1 mlrd gezek diňleme görkezijisine ýeten ilkinji K-pop aýdymy boldy. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýty habar berýär.

Aýdym akym platformasynda şeýle bir üstünlikli boldy welin, 2021-nji ýylyň 9-njy noýabrynda ol Lisanyň ikinji sola aýdymy hökmünde çykaryldy. Iki ýyldan az wagtyň içinde aýdymçynyň dünýädäki muşdaklary bu aýdymy bir milliard gezekden hem köp diňlediler.
BLACKPINK-däki kärdeşleri Jisu, Jenni we Roze ýaly, Lisa hem sola ýerine ýetirijisi hökmünde uly üstünlik gazandy.
Onuň bir aýda 10,68 mln Spotify diňleýjisi bar, 21-nji sentýabra çenli ýagdaýa görä bolsa, “MONEY” 1 002 683 408 gezek diňleme ýygnady.
Platformada BLACKPINK-iň iň meşhur “How You Like That” aýdymy bolsa şu wagta çenli 855,7 mln gezek diňlenildi.
“MONEY” aýdymy üçin aýdym-saz wideosy hem BLACKPINK-iň YouTube akkauntynda ýerleşdirilen iň meşhur wideolaryň biridir. Bu wideo 904 mln gezek tomaşa edildi.

13.04.2026 16:26
3.8k+

Dizaýnerler jins geýmegiň iň moda usulyny aýtdylar

2026-njy ýylyň ýaz/tomus möwsüminiň esasy trendi jinsileri pasyrdap duran giň bluzkalar bilen geýmekdir. Bu görnüş romantikanyň üstüne rahatlyk goşup, geýen kişini göze ýakymly görkezýär....

04.04.2026 14:12
9.1k+

Jinsini döreden Lewi Strauss hiç haçan jinsi geýmändir

Häzirki wagtda jinsi matadan tikilen eşikler dünýäniň iň ýörgünli lybasy bolsa-da, ony döreden Lewi Strauss öz ömründe hiç wagt jinsi eşik geýmändir....

26.03.2026 15:37
7.5k+

Matematika moda aýlawynyň her 20 ýyldan gaýtalanýandygyny tassyklady

Demirgazyk-Günbatar Uniwersitetiniň alymlary geýimlerdäki moda tendensiýalarynyň, hakykatdanam, her 20 ýyldan gaýtalanyp durýandygyny anykladylar. Bu netije matematiki modele we 1869-njy ýyldan bäri zenan......

23.03.2026 21:50
3.3k+

Burberry şa zenany Ýelizaweta II-niň 100 ýyllygyna bagyşlanan kolleksiýa çykardy

Beýik Britaniýanyň Burberry moda brendi şa zenany Ýelizaweta II-niň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan çäkli mukdardaky kolleksiýasyny hödürledi. Mahabat kampaniýasynyň suratlary markanyň sosial ulgamlarynda paýlaşyldy...