«Altyn globus» baýragy iň gowy blokbaster we stendap üçin hem berler

  • 30.09.2023 17:01
  • 7.6k+

“Variety” neşiri “Altyn globus” baýragyndaky täze kategoriýalar barada habar berýär. 2024-nji ýyldan başlap ses berýänler “iň gowy kinematografiki ýa-da boks-ofis üstünligini”, şeýle-de “stendap-komediýada iň gowy çykyşy” saýlap bilerler diýip, film.ru belleýär.

Boks-ofis üçin nominasiýada sekiz dalaşgär bolar: olaryň her biri prokatda azyndan 150 mln dollar ýygnamaly ýa-da striming hyzmatlarynda ýokary netijeleri görkezmeli. “Telewideniýede iň gowy stendap-komediýa çykyşy” üçin baýrak bolsa komigiň adaty stendap-formatdaky iň gowy işi üçin berler. Efir ýa-da kabel telewideniýesindäki, strim-hyzmatlaryndaky we ş.m. çykyşlar hem göz öňünde tutular.
2018-nji ýylda amerikan kinoakademiýasy “Oskara” “iň gowy meşhur film” kategoriýasyny goşmak isledi. Ýöne gijräk bu pikirden ýüz öwürdi.
“Altyn globus – 2024” üçin dalaşgärler 11-nji dekabrda yglan ediler. Baýragyň gowşurylyş dabarasy 7-nji ýanwarda geçiriler.

13.04.2026 16:26
3.8k+

Dizaýnerler jins geýmegiň iň moda usulyny aýtdylar

2026-njy ýylyň ýaz/tomus möwsüminiň esasy trendi jinsileri pasyrdap duran giň bluzkalar bilen geýmekdir. Bu görnüş romantikanyň üstüne rahatlyk goşup, geýen kişini göze ýakymly görkezýär....

04.04.2026 14:12
9.1k+

Jinsini döreden Lewi Strauss hiç haçan jinsi geýmändir

Häzirki wagtda jinsi matadan tikilen eşikler dünýäniň iň ýörgünli lybasy bolsa-da, ony döreden Lewi Strauss öz ömründe hiç wagt jinsi eşik geýmändir....

26.03.2026 15:37
7.5k+

Matematika moda aýlawynyň her 20 ýyldan gaýtalanýandygyny tassyklady

Demirgazyk-Günbatar Uniwersitetiniň alymlary geýimlerdäki moda tendensiýalarynyň, hakykatdanam, her 20 ýyldan gaýtalanyp durýandygyny anykladylar. Bu netije matematiki modele we 1869-njy ýyldan bäri zenan......

23.03.2026 21:50
3.3k+

Burberry şa zenany Ýelizaweta II-niň 100 ýyllygyna bagyşlanan kolleksiýa çykardy

Beýik Britaniýanyň Burberry moda brendi şa zenany Ýelizaweta II-niň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan çäkli mukdardaky kolleksiýasyny hödürledi. Mahabat kampaniýasynyň suratlary markanyň sosial ulgamlarynda paýlaşyldy...