Huawei täze smartfon brendini döretdi

  • 30.09.2023 16:24
  • 10k+

Hytaýyň «Huawei» korporasiýasy gymmat bahaly smartfonlaryň täze brendini çykardy. Bu barada «GizmoChina» habar berýär.

Hytaýda geçirilen bir çärede kompaniýanyň ýolbaşçylary «Ultimate Design» brendiniň iň ösen we gymmat bahaly smartfonlary hem-de olar üçin goşmaça esbaplary öz içine aljakdygyny aýtdylar. «Ultimate Design» estetikanyň, ussatlygyň we innowasiýalaryň iň ýokary derejesini özünde jemleýär» diýip, korporasiýada bellenildi.
Smartfonlaryň täze nesliniň ilkinji enjamy «Huawei Mate 60 RS Ultimate Design» boldy. Tanyşdyrylan enjam 6,82 dýuým OLED displeýi, 16 gigabaýt operatiw ýat we 1 terabaýt goşmaça ýat, sekizburçluk şekilinde ýerleşdirilen 48, 48 we 40 megapiksel durulykdaky obýektiwleri bolan üç kamera bilen üpjün edildi.


31.12.2025 08:10
3.4k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.3k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...

16.12.2025 17:18
2.7k+

Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady

Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler...

15.12.2025 14:58
1.8k+

Huawei-niň flagman Mate X7 eplenýän smartfony halkara bazaryna çykdy

Täze flagman eplenýän smartfon Huawei Mate X7 noýabryň ahyrynda Hytaýda görkezilenden soň ilkinji gezek halkara bazaryna çykdy. Smartfon ykjamlygy, kuwwatlylygy we haýran galdyryjy goragy bilen tapawutlanýar. Smartfon diňe bir wersiýada hödürlenýär: 16 GB operatiw we 512 GB hemişelik ýat...