100 ýyllyk ýaşy bolan seýrek Leica kamerasy satuwa çykaryldy

  • 30.09.2023 16:20
  • 10k+

Seýrek «Leica 0-Series»  kamerasy «Wetzlar Camera Auctions» auksionynda satuwa çykaryldy. Hünärmenler enjamyň bahasynyň 1,5 million ýewrodan 2 million ýewro çenli boljakdygyny çaklaýarlar.

Auksion öýüniň wekilleri enjamyň ilkibaşdaky asyl gara reňkiniň «örän gowy ýagdaýda» saklanandygyny bellediler. Enjam bilen bilelikde obýektiwiň asyl deri gapagy we katuşkasy hem berilýär. «Taryhy kamera we örän seýrek gymmatlyk!» diýip, auksiony guraýjylar web sahypasynda bellediler.
Ýüz ýyl öň, 1923-nji ýylda 35mm plýonkaly «Leica 0-Series» kamerasynyň  23 sany synag nusgasy öndürildi. Netijede, olar diňe bir 1925-nji ýylda çykan rowaýaty «Leica I» kamerasynyň däl, eýsem, «Leica-nyň» ähli 35mm plýonkaly kameralarynyň prototipine öwrüldiler.
Mundan başga-da, auksionda 1934-nji ýyldaky «Leica IIIc» kamerasynyň prototipi we Kataryň şeýhi Saud bin Muhammed Al Tani üçin ýörite döredilen «Leica M7» titandan kamera hem ýerlener. Enjamlaryň satuwy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Wetzlar (Germaniýa) şäherinde geçiriler.

düýn 20:25
4.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
5.7k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.6k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......