Psihologlar daşary ýurt dilleriniň çözgüt kabul etmäge gowy täsir edýändigini anykladylar

  • 30.09.2023 15:30
  • 4.8k+

Psihologlaryň gözlegleri daşary ýurt dillerinde gürleýän adamlaryň kyn ýagdaýlarda has çalt çözgüt tapýandygyny görkezdi. Haçan-da adam özi üçin ene dili bolmadyk dilde pikirlenende, ol ýagdaýa has tankydy baha berýär.

Çikago uniwersitetiniň bilim programmasynyň başlygy, professor Boaz Keýsar daşary ýurt dilini ulanmagyň dartgynly ýagdaýlarda çözgüt kabul etmek prosesini nähili üýtgedýändigini anyklady. Bu barada "The Guardian" habar berýär.
Tejribä gatnaşyjylara saýlamak üçin iki wariant hödürlendi: puly aljakdyklaryna 50% ähtimallyk bilen £2,5 ýa-da kepillendirilen £1. Gatnaşyjylaryň köpüsi ikinji warianty saýlady. 
Gatnaşyjylar üçin daşary ýurt dilinde geçirilen şular ýaly tejribe, meýletinçileriň töwekgelçilik etmäge has taýýardyklaryny görkezdi. Keýsaryň aýtmagyna görä, tejribeden geçýänler daşary ýurt dilinde gürlänlerinde bolup biljek ýitgiler barada az alada edýärdiler.
Psihologyň dowamly tejribeleri adamyň ene dili bolmadyk dile geçen ýagdaýynda has ünsli bolýandygyny görkezdi. Bu onuň näme we nähili gürleýändigi barada pikirlenmeli bolýandygy bilen baglanyşyklydyr.
Italiýadaky Trent uniwersitetinden psihologiýa professory Silwiýa Purpuri daşary ýurt diliniň dartgynly ýagdaýlarda adamyň özüni alyp barşyna nähili täsir edýändigini öwrendi. Daşary ýurt dili üýtgeýän gurşawa çalt uýgunlaşmaga mümkinçilik berýär, bu bolsa öz gezeginde, öndürijiligi ýokarlandyrýar.
Keýsar diliň üýtgemegi pikirlenişi üýtgetmek üçin gowy gural bolup biler diýip hasaplaýar. Başga bir dile geçmek kyn çözgütleri kabul etmekde has obýektiw bolmaga kömek edýär.

düýn 20:25
4.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
5.7k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.6k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......