iPhone 15 Pro-nyň we Pro Max-yň eýeleri enjamlaryň gyzýandygyndan zeýrenýärler

  • 29.09.2023 15:24
  • 20k+

iPhone 15 Pro-nyň we Pro Max-yň eýeleriniň birnäçesi onlaýn forumlarda enjamlarynyň aşa gyzýandygyndan zeýrenýärler. Bu barada Bloomberg habar berýär.

Onuň berýän maglumatlaryna görä, ulanyjylar oýun oýnalýan, telefon jaňlary gelýän we FaceTime wideo jaňlary wagtynda smartfonyň arkasynyň we gapdallarynyň gyzýandygyny belleýärler. Käbir adamlar enjam zarýad berijä birikdirilende meseläniň hasam aýdyň ýüze çykýandygyny nygtaýarlar.
12-nji sentýabrda Amerikanyň Apple kompaniýasy öz smartfonlarynyň täze neslini - iPhone 15 -i hödürledi. Täze smartfonlaryň hataryna degişlilikde 6,1 we 6,7 dýuým ekranly iki model we bäş reňkdäki - goýy çal, ak, açyk ýaşyl, sary we gülgüne smartfonlar girýär. Täze enjamlaryň resmi satuwy 22-nji sentýabrda başlandy.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...