Türkmenistanly boksçy Hançžoudaky Aziýa oýunlarynda ikinji raunda çykdy

  • 28.09.2023 16:22
  • 20k+

Hytaýyň Hançžou şäherinde geçirilýän XIX tomusky Aziýa oýunlarynda türkmen boksçysy Baýramdurdy Nurmuhammedow öz topary üçin ilkinji ýeňşi gazandy. Bu barada Orient ýurduň sportuň bu görnüşiniň Federasiýasyna salgylanyp habar berdi.

Nurmuhammedow 71 kg çenli agram kategoriýasynda çykyş edýär. Bu kategoriýada medal üçin 23 boksçy göreşýär. Özüniň başlangyç söweşinde ol 2023-nji ýylda Daşkentde geçirilen dünýä çempionatyna gatnaşan Täjigistandan Dawud Mahkamow bilen duşuşdy. Biziň türgenimiz 5:0 hasabynda ýeňiş gazandy.
Ýaryşyň indiki tapgyrynda Nurmuhammedow Daşkentdäki dünýä çempionaty – 2023-de dokuzynjy orny eýelän Palestinadan 19 ýaşly Nidal Fokahaa bilen duşuşar.
Nurmuhammedow Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby bolup, boks boýunça respublikan we halkara ýaryşlarynyň ençeme gezek çempiony we baýrakçysydyr.
Belläp geçsek, XIX tomusky Aziýa oýunlary 23-nji sentýabrdan 8-nji oktýabr aralygynda Hytaýyň Hançžou we ýene bäş şäherinde geçirilip, oňa 45 ýurduň wekilleri gatnaşýar. Aziýa oýunlaryna jemi sportuň 42 görnüşi girizildi. Türkmen türgenleri şolaryň 12-sinde çykyş edýär.


düýn 15:38
1.6k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

08.05.2026 10:25
5.1k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.6k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......