Haýsy iPhone-nyň bir zarýadda uzaga gidýändigi anyklandy

  • 28.09.2023 15:30
  • 25k+

Mrwhosetheboss iňlis tehnologiýa bloggeri iPhone-nyň dürli modelleriniň awtonom işleýşiniň synagynyň netijeleri barada YouTube-da wideo ýerleşdirdi. Synaga iň soňky modeller (iPhone 15, 15 Plus, 15 Pro we 15 Pro Max) bilen birlikde ondan öňki modeller (iPhone 14, 14 Pro Max, iPhone 13 Pro Max) hem gatnaşdyryldy.

Bloger öz synagy üçin smartfonlary adaty režimde zarýad bermezden ulandy: olarda oýun oýnady, wideo gördi ýa-da kamerasyny ulandy. Enjamyň zarýady doly nola düşenden we gajetiň özi öçenden soň, ol smartfonyň näçe wagt “saklanyp” bilendigine seretdi.
iPhone-nyň dürli modelleriniň awtonom işleýşi boýunça reýtingi aşakdaky ýaly boldy:

  • iPhone 15 Plus - 13 sagat 19 minut;
  • iPhone 15 Pro Max - 11 sagat 41 minut;
  • iPhone 13 Pro Max - 11 sagat 19 minut;
  • iPhone 14 Pro Max - 10 sagat 54 minut;
  • iPhone 15 - 9 sagat 57 minut;
  • iPhone 15 Pro - 9 sagat 20 minut;
  • iPhone 14 - 9 sagat 2 minut.

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...