Bir sagatda 410 000 Redmi Note 13 Pro smartfony satyldy

  • 28.09.2023 12:24
  • 18k+

Redmi Note 13 Pro seriýasy geçen hepde goýberildi we 26-njy sentýabrda irden satuwa çykaryldy. Ilkinji satuw hasabaty diýseň üstünlikli başlangyjy görkezýär: satylyp başlan ilkinji sagadynda 410 000-den gowrak smartfon ýerlendi diýip, Xiaomi-iň baş direktory Leý Szýunyň sözlerine salgylanýan Gizmochina Redmi toparyny üstünlikleri bilen gutlap ýazýar.

Hytaýda Redmi Note 13 Pro-nyň bahalary 1499 ýuandan (205 dollar), Redmi Note 13 Pro+ - 1999 ýuandan (273 dollar) başlaýar we iň ýokary derejeli 16 + 512 GB ýat konfigurasiýaly görnüşiniňki 2299 ýuandan (314 dollar) geçmeýär.
Redmi Note 13 Pro we Pro+ modellerinde 1800 nite çenli iň ýokary ýagtylygy bolan 6,67 dýuýmlyk 1.5K OLED ekrany we MIUI 14 bilen Android 13 işleýän 120Hz täzelenme tizligi bar. Pro modeli 16 Gb RAM bilen Snapdragon 7s Gen 2 prosessor we 512 Gb içerki ýat bilen üpjün edilýär. Pro+ bolsa MediaTek Dimensity 7200-Ultra prosessor bilen işleýär, 16 Gb RAM we 512 Gb içerki ýady bar. Iki model hem 200 MP esasy kamera we 16 MP öň kamera aldy we Pro+ modeli suwdan we tozandan (IP68) goşmaça goraglydyr. Pro modelinde 67W çalt zarýadly 5100mAh akkumulýator bar, Pro+ modelinde bolsa 120W çalt zarýadly 5000mAh batareýa bar.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...