Samsung Galaxy A35 täzelenen kamera eýe bolar

  • 28.09.2023 12:16
  • 14k+

Galaxyclub portalynyň habaryna görä, Samsung Galaxy A35 smartfony ýazda has amatly Galaxy A15 we has kaşaň Galaxy A55 bilen bilelikde çykar.

Portalyň awtorlarynyň berýän maglumatlaryna görä, A35 has gymmat dogany Galaxy A55-däki ýaly 50 MP esasy kamerany alyp biler. Şonuň üçin, sahypanyň redaktorlarynyň garaşyşy ýaly, A35, A34-iň kamerasynyň gowşak tarapynyň tersine, az ýagtylykda has gowy surata düşer. Şeýle hem, A35-iň, özünden öňki ýaly, 13 MP öň kamerany ýene aljakdygy belli boldy.
Şeýlelik bilen, selfi barada aýdylanda, 2024-nji ýyldaky täzelenme diňe kämilleşdirilen programma üpjünçiligi bilen çäklener. Däp bolşy ýaly, Galaxy A3x telefony Galaxy A5x -iň ýönekeýleşdirilen görnüşidir. Galaxy A34 indi täze, kämilleşdirilen 50 MP datçige geçse, bu ugurdaky boşlugyň kiçelmegi mümkindir diýip, portalyň awtorlary bellediler.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...