Honda hassahanalarda ýatan çagalar üçin elektrikli awtoulag çykardy

  • 28.09.2023 12:12
  • 10k+

Honda Demirgazyk Amerikada Project Courage atly jemgyýetçilik başlangyjyny işe girizdi. Başlangyjyň çäklerinde sport bölümi tarapyndan hassahananyň dälizlerinde ulanmak üçin ýörite işlenip düzülen Shogo elektrik ulagynyň 60 sanysy çagalar hassahanalaryna iberiler. Çaklaňja elektrikli awtoulaglar hassahanada çagalaryň hereket etmegini ýeňilleşdirer we olaryň dartgynlylygyny peseltmek bilen, umumy keýpini ýokarlandyrar diýip garaşylýar.

Elektrikli awtoulag bölekleýin ýönekeýleşdirilen “Honda” ýaryş kart platformasyna esaslanýar - mysal üçin, destiniň dolandyrylyşynyň mehanizmi ondan nusga alýar. Shogo-nyň daşky görnüşi takyk sport ulagyna meňzeýär, ýöne kuzowyna ideg etmek ýeňil bolar ýaly egrelýän ýerleri we gyralary az. Oýnawaçlar ýa-da şahsy zatlar saklanylýan ýeri bar we tapawutlandyryş belgisiniň ýerinde ýaşajyk sürüjiniň ady görkezilip bilner.
Honda Shogo 4 ýaşdan 9 ýaş aralygyndaky hassalar üçin niýetlenendir. Iň ýokary tizligi 1-den 5 mil (sagatda 1,6-dan 8 km) çenli sazlanyp bilner. Gaz we tormoz dolandyryşlary destde ýerleşýär. Şeýle hem, yzyna berkidilen tutawajy ulanyp, çaga arabasy ýaly, elektrik awtoulagyny herekete getirip bolýar.
Honda Shogo -nyň ilkinji nusgalary hassahanalara eltildi, galanlary güýz möwsüminiň dowamynda gowşurylar.


düýn 20:25
4.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
5.7k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.6k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......