«Çeburaşka 2» filminiň üstünde işlenilip başlandy

  • 27.09.2023 18:05
  • 4k+

«Çeburaşka 2» filminiň üstünde işlenilip başlandy we ol 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda prokata çykar. Bu barada RIA Nowosti «Rossiýa» teleýaýlymynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Režissýor Dmitriý Dýaçenkonyň ýolbaşçylygyndaky birinji filmi döreden topar ikinji bölümde hem işlär. Onuň bellemegine görä, häzirki wagtda filmiň ssenarisi we ýerleri saýlamak boýunça işler alnyp barylýar.
«Rossiýa» teleýaýlymynyň baş direktory Anton Zlatopolskiniň pikiriçe, üstünlikli çykan birinji filmden soň, Çeburaşkanyň başdan geçirmelerini dowam etdirmezlik tomaşaçylaryň öňünde ýalňyşlyk bolardy.
Täze bölümiň sýužeti ilkinji filmdäki wakalardan bir ýyl soň bolup geçer, ýöne Gena bilen ýaşamaga öwrenişen Çeburaşka has garagol bolar we özbaşdak hereket edip başlar.
2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda ýaýlyma berlen «Çeburaşka» 6,5 ​​milliard rubldan gowrak serişde toplap, ýurduň içerki prokatynyň taryhynda iň köp girdejili film boldy. Oňa kinoteatrlarda 22 milliondan gowrak tomaşaçy tomaşa etdi.

şu gün 12:08
1

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin dört sany MoonFall dronyny uçurmagy meýilleşdirýär

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin MoonFall taslamasynyň çäginde dronlary ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu başlangyç täzelenen Artemis maksatnamasynyň bir bölegi bolup, ony razwedka etmek, ylmy barlaglar......

şu gün 11:20
295

35 mln dollar: Renuaryň «Siren gülli zenan» eseri 97 ýyldan soň bäsleşikli söwdada

«Christie’s» bäsleşikli söwda öýi 18-nji maýda Pýer-Ogýust Renuaryň «Siren gülli zenan» («Женщина с сиренью») atly suratyny 25-35 million dollarlyk bahasy bilen satlyga çykarar. Eser 97 ýyldan bäri ilkinji......

şu gün 11:14
307

Aşgabatda Türkmenistanyň we Seýşeller Respublikasynyň DIM-leriniň ýolbaşçylary duşuşdy

29-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyza ilkinji resmi sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri For bilen duşuşygy......

şu gün 11:01
1k+

ABŞ-nyň 250 ýyllygy mynasybetli Trampyň portreti şekillendirilen pasportlary çykarmak meýilleşdirilýär

ABŞ-nyň Döwlet departamenti prezident Donald Trampyň suraty şekillendirilen çäkli nusgadaky pasportlary çykarmaga taýýarlanýar. Fox News-yň habar bermegine görä, bu goýberiş ýurduň 250 ýyllygyna gabatlanýar....