Samsung Galaxy seriýasyndan täze smartfonlary hödürledi

  • 27.09.2023 17:24
  • 19k+

Malaýziýada Günorta Koreýanyň Samsung elektronika öndürijisi geçen ýyl çykan Galaxy A04 we Galaxy A04s smartfonlarynyň ornuna geljek täze Galaxy A05 we Galaxy A05s smartfonlaryny hödürledi. Täze smartfonlar brendiň resmi saýtynda eýýäm hödürlendi, ýöne baha we çykyş senesi heniz belli däl diýip, rbclife.ru belleýär.

Gurluşlaryň ikisi-de 6,7 dýuým displeýe, 25 Wt kuwwatly çalt zarýad beriş bilen 5000 mA/s sygymly batareýa, şeýle-de 50 Mp esasy kamera eýe boldy. Galaxy A05 modeli 8 Mp, Galaxy A05s bolsa 13 Mp frontal kamera bilen üpjün edildi.
Smartfonlaryň arasyndaky tapawut prosessorlarda-da bar: Galaxy A05s Snapdragon 680 çibi, Galaxy A05 bolsa MediaTek Helio G85 bilen işleýär. Şeýle-de, smartfonlar Android 13 operasion sistemasyna esaslanýan OneUI Core programma üpjünçiligi bilen tapawutlanýarlar.
Samsung Galaxy A05 gara, açyk ýaşyl we kümüş reňklerde, uly model bolsa bulardan başga-da benewşe reňkde hödürlenýär.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...