WhatsApp köne smartfonlarda işlemegini bes eder

  • 27.09.2023 11:53
  • 7.4k+

WhatsApp-yň işläp düzüjileri 2023-nji ýylyň 24-nji oktýabryndan millionlarça gurluşda messenjeriň işlemegini bes etjekdigini habar berdiler. Bu programmany götermek üçin Android 5.0 we ondan ýokary binýatly smartfonyň gerek boljakdygy bilen baglanyşyklydyr.

Gurluşlary bu talaplara laýyk gelmeýän ulanyjylar WhatsApp-y ulanmagy dowam etdirmek üçin ýa-ha öz smartfonlarynda operasion ulgamy täzelemeli, ýa-da täze gajet satyn almaly. Ýogsam, olar habarlary, şol sanda ses habarlaryny iberip we kabul edip, wideo jaňlaryny amala aşyryp, şeýle-de WhatsApp-yň beýleki hyzmatlaryndan peýdalanyp bilmezler.
Şol wagta çenli WhatsApp-y 4.1 we ondan ýokary wersiýadaky Android operasion sistemasynyň dolandyrmagynda işleýän smartfonlaryň eýeleri ulanyp bilerler. Şeýlelik bilen, 4.1, 4.2, 4.3 we 4.4 bilen bir hatarda birnäçe Android nesli programma elýeterliligi ýitirer. Olaryň umumy sany bolsa bir million ulanyjydan geçýär. Bu gurluşlaryň arasynda Samsung Galaxy Note 2, Samsung Galaxy S2, HTC One we beýlekiler bar.
iPhone eýeleri üçin şertler öňküligine galýar – WhatsApp-yň işlemegi üçin olara iOS 12 we ondan täze binýatly smartfon gerek.

düýn 20:25
4.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
5.6k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.5k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......