Dürli ýurtlarda iPhone 15 Pro Max-y satyn almak üçin näçe wagt işlemeli?

  • 27.09.2023 11:50
  • 32k+

Apple kompaniýasy ýakynda täze iPhone 15 smartfonlarynyň satuwyna başlady. World of Statiscis neşiri haýsy ýurtda adamlara 256 GB fleş-ýatly iPhone 15 Pro Max seriýasyny satyn almagyň aňsatdygyny hasaplady. Şeýle ýurt Şweýsariýa bolup, bu ýerde şeýle smartfony satyn almak üçin bary-ýogy 6 gün işlemek ýeterlikdir. Bu barada ixbt.com belleýär.

Müsürde Apple-iň muşdaklary häzirki wagtda iPhone 15 Pro Max-y satyn almak üçin öz ortaça zähmet haklarynyň 821%-ini sarp etmeli bolýarlar, ýagny 8 aýdan gowrak wagt işlemeli we şol bir wagtyň özünde zähmet hakyndan ýeke teňňe-de harçlamaly däl. Bu antireýtingde ikinji orny Pakistan eýeleýär, bu ýerde hem şeýle smartfony satyn almak üçin 8 aýdan gowrak wagt işlemeli.
Hytaýly ulanyjylar öz zähmet haklarynyň 119%-ini, ýaponiýaly ulanyjylar bolsa, takmynan, ýarysyny sarp etmeli. Amerikaly sarp edijilere smartfony satyn almak üçin zähmet haklarynyň 28%-i, Singapurda – 24%-i, Şweýsariýada – 20%-i gerek bolýar.
Neşiriň maglumatlaryna görä, Russiýada 256 GB fleş-ýatly iPhone 15 Pro Max-y iki ortaça zähmet hakyna satyn alyp bolýar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...