Bütin dünýäde eýýäm 338 milliondan gowrak Redmi Note smartfony satyldy

  • 27.09.2023 08:37
  • 5.6k+

Redmi Note 13 seriýasynyň yglan edilmegine bagyşlanan soňky metbugat ýygnagynda Xiaomi-niň we Redmi-niň prezidenti Lu Weýbing hit Redmi Note liniýasynyň ýene bir üstünligini yglan etdiler.

Top-menejeriň pikiriçe, Redmi Note smartfonlarynyň halkara satuwy eýýäm 338 milliondan geçdi. Kompaniýa 2023-nji ýylyň mart aýynda onuň 320 milliondan geçendigini habar beripdi.
Hytaýly ulanyjylar 21-nji sentýabrda iň soňky Redmi Note 13 Pro +, Redmi Note 13 Pro we Redmi Note 13 üçin sargytlary ýerleşdirip bilerler. Mysal üçin, Redmi Note 13 Pro +, Redmi Note modeli üçin ilkinji gezek IP68 suw goragyny aldy.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...