Redmi Note 13 Pro Hytaýyň çäginden daşary Poco brendi bilen çykar

  • 27.09.2023 08:50
  • 14k+

Redmi geçen hepde Hytaýda täze Note 13 smartfon tapgyryny hödürledi. Oňa esasy Note 13 modeli, kämilleşdirilen Note 13 Pro wersiýasy we iň ýokary Note 13 Pro+ wersiýasy girýär.

Geçen ýyl bolşy ýaly, bu smartfonlaryň global bazarda elýeterli bolmagyna garaşylýar. Ygtybarly çeşmäniň maglumatlaryna görä, Xiaomi Note 13 Pro modelini global bazarda Poco brendi bilen çykarmagy meýilleşdirýär. Poco smartfonlarynyň köpüsi, aslynda, Redmi smartfonlarynyň ady üýtgedilen wersiýalarydyr. Bu ilkinji Poco F1 modelinden başlap, iň soňky Poco F5 modeline çenli tassyklanýar diýip, ferra.ru belleýär.
Häzirki wagtda Redmi Note 13 Pro-nyň Poco hatarynda haýsy at bilen görkeziljekdigi belli däl, ýöne geçenki tendensiýalardan ugur alsaň, bu Poco X seriýasynyň bir bölegi bolar.
Ýatlap geçsek, Redmi Note 13 Pro Snapdragon 7s Gen 2 prosessory, 6,67 dýum AMOLED displeýi, 200 Mp esasy kamera we 5100 mA/s akkumulýator bilen üpjün edildi.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...