Elektromobiller üçin dünýädäki iň uly zarýad beriş bekedi açyldy

  • 26.09.2023 10:30
  • 11k+

Shell kompaniýasy Hytaýyň Şençžen şäherinde dünýädäki iň uly elektromobillere zarýad beriş bekedini açdy. Zarýad beriş bekedi Şençžen howa menziliniň terminalyndan, takmynan, 2,5 km uzaklykda ýerleşip, 258 çalt zarýad beriş nokadyna eýedir. Beket Shell we BYD kompaniýalarynyň bilelikdäki kärhanasy bolan Shenzhen Shell we BYD Electric Vehicle Investment Company Limited tarapyndan dolandyrylýar diýip, ixbt.com habar berýär.

Shell Recharge elektrik bekedi synag döwri her gün 3300-den gowrak elektromobile hyzmat etdi. Elektromobillere zarýad bermekden başga-da, beket Shell Select dükanlaryny, Shell kafesini, söwda awtomatlaryny we sürüjiler üçin dynç alyş otagyny hödürleýär. Beketde gurnalan üçekdäki Gün panelleri ulag serişdelerine zarýad bermek üçin ulanyljak ýylda, takmynan, 300 000 kWt/s gaýtadan dikeldilýän elektrik energiýasyny öndürip biler.


şu gün 09:36
906

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......