Dünýäniň IT kompaniýalarynda işden çykarylýanlaryň sany ýylyň başyndan bäri 236 müňden geçdi

  • 26.09.2023 10:35
  • 6.4k+

2023-nji ýylyň başyndan bäri dünýäde tehnologiýa pudagyndaky 236 müňden gowrak işgär işinden aýryldy. Muny Layoffs.fyi portalynyň gözlegleri görkezýär diýip, interfax.ru belleýär.

Maglumatlar 2023-nji ýylyň jemi boýunça tehnologiýa pudagynda işden çykarylýanlaryň sanynyň geçen ýylky görkezijiden ep-esli ýokary boljakdygyny görkezýär. Şeýlelikde, şu ýylyň başyndan bäri 1,019 müň tehnologiýa kompaniýasy 236,495 müň adamy işden çykardy. Geçen ýylyň jemi boýunça 1,024 kompaniýa 154,34 müň işgäri işinden boşatdy diýip, portal habar berýär.
Şol sanda geçen hepde telekommunikasiýa enjamlaryny öndüriji Cisco Systems Inc. 350 işgäriň işden çykarylýandygyny yglan etdi, sentýabr aýynyň başynda bolsa Roku Inc. striming kompaniýasy işgärleriň sanynyň 10% azalýandygyny habar berdi. Geçen ýylyň ahyrynda onuň işgärleriniň sany 3,6 müňe golaýdy.
Şu ýyl işden çykarmalar barada habar beren tehnologiýa kompaniýalarynyň hatarynda Amazon.com Inc., Electronic Arts, Palantir Technologies, Twilio Inc., DocuSign Inc., Salesforce Inc., Zoom Video Communications, eBay, Dell Technologies, PayPal Holdings, International Business Machines, Intel Corp., Microsoft Corp., Alphabet Inc. amerikan kompaniýalary, şeýle-de Germaniýanyň SAP we Şwesiýanyň Spotify Technology kompaniýasy bar.

düýn 20:25
4.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
5.7k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.6k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......