Huawei dünýädäki iň inçe we iň ýeňil uly planşeti hödürledi

  • 26.09.2023 10:13
  • 5.8k+

Hytaýda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda Huawei kompaniýasy özüniň MatePad Pro flagman planşetini hödürledi. Bu 13,2 dýuým diagonally uly gajet bolup, “gyradan gyra çenli” ekranly dünýädäki iň inçe we iň ýeňil uly planşet hökmünde kesgitlenýär diýip, ixbt.com habar berýär.

Planşetiň agramy 580 gram, ýogynlygy 5,5 mm, ekranyň çarçuwasynyň ini bary-ýogy 3,4 mm, ekran öňdäki paneliň meýdanynyň 94%-ini eýeleýär. Öndüriji gurluşy agyr we ýogyn bolan 12,9 dýuýmlyk iPadPro bilen deňeşdirýär.
Planşet 2880 x 1920 piksel durulygy we 144 Gs suraty täzeleme ýygylygy bolan çeýe OLED ekrany bilen üpjün edilýär. Enjam binýady Kirin 9000s platformasy boldy. Şeýle-de, gurluş frontal kamera (16 Mp we 3D ToF), esasy kamera (13 we 8 Mp), alty dinamika (iki ýokary ýygylykly we dört pes ýygylykly), 10 100 mA/s sygymly akkumulýatora eýe boldy.
Planşet bilen bilelikde üçünji nesil M-Pencil stilusy hödürlendi. Ol StarLight birikdiriş tehnologiýasyny göterýän ilkinji gurluşlaryň biri bolar.
Huawei MatePad Pro 13.2 üç reňkde – gök, ak we gara reňklerde hödürlenýär. 


16.01.2026 08:10
3.8k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.6k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.3k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...

16.12.2025 17:18
2.7k+

Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady

Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler...