Serdar Berdimuhamedow Astrahanyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi

  • 26.09.2023 07:29
  • 4.7k+

25-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi.

Russiýanyň iri sebitiniň ýolbaşçysy türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmalaryň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýeti bilen tapawutlanýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.
Döwlet Baştutany Astrahan oblastynyň köp sanly motosikletçilerini bir ýere jemlän “Hazar — dostluk deňzi” atly motoýörişiň çäklerinde şu ýylyň aprel aýynda bolan duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýdyp, şeýle çäreleriň özara düşünişmegi pugtalandyrmaga hem-de hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny açmaga ýardam berýändigini nygtady.
Duşuşygyň dowamynda özara haryt dolanyşygynda harytlaryň görnüşlerini giňeltmek babatda umumy maksatlaryň bardygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň işewür toparlaryň arasynda has ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatynyň doly derejede durmuşa geçirilmeginiň uly geljeginiň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Astrahan oblastynyň portlarynyň arasyndaky üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ulanmak boýunça netijeli tekliplere garamaga taýýardygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutany maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin ýurdumyzyň edaralarynyň we hususy bölegiň wekilleriniň Astrahanyň aýratyn ykdysady zolaklarynyň mümkinçiliklerini öwrenmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady we Türkmenistanyň Astrahan oblasty bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini aýtdy.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......