Dzýudoçy Maýsa Pardaýewa Aziýa oýunlarynda Türkmenistana ilkinji medaly getirdi

  • 26.09.2023 06:21
  • 17k+

Hytaý Halk Respublikasynyň Hançjou şäherinde geçirilýän Aziýa oýunlarynda sportuň dzýudo görnüşi boýunça 57 kilogram agram derejede Türkmenistana wekilçilik eden Maýsa Pardaýewa Türkmenistana ilkinji medaly getirdi. Ol bürünç medal üçin geçen tutluşykda ýer eýeleriniň ýygyndysynyň agzasy bolan Ki Kaiden 11:0 hasabynda üstün çykmagy başardy.

Bäsleşige 1/8 final tapgyryndan girişen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Maýsa Pardaýewa nepally Pradhan Şhredsany hem-de özbegistanly Şukurjon Aminowany birmeňzeş — 10:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýarym final tapgyrynda bolsa koreýaly Ýensong Parkdan minimal hasapa (1:0) asgyn geldi.
Türkmenistanyň dzýudo boýunça ýygyndy topary Hançjoudaky Aziýa oýunlaryna Tatýana Widýasowanyň we ýaponiýaly hünärmen Kazuhino Tokunonyň tälimçiliginde gatnaşýar.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.5k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....