Ilon Maskyň Starlink hemra interneti Ýewropada iň meşhur serwisleriň biri boldy

  • 25.09.2023 13:53
  • 7.4k+

Starlink Ýewropadaky we Okeaniýa ýurtlaryndaky ulanyjylaryň arasynda iň meşhur internet serwisleriniň biri hökmünde öz ornuny saklamagyny dowam etdirýär diýip, ferra.ru belleýär. Birnäçe ýylyň dowamynda taslama dünýäde iň uly hemra toparyny döredip, dünýädäki onlarça ýurtlara hyzmatlary hödürledi.

Speedtest Intelligence-niň maglumatlaryna görä, Beýik Britaniýadan, Täze Zelandiýadan, Fransiýadan, Italiýadan we Germaniýadan ulanyjylar Starlink-e adaty internet hyzmatlaryny üpjün edijilere garanda has ýokary baha berýärler. Bu maglumatlar Maskyň hemra ulgamyny beýlekilere maslahat berýän ulanyjylaryň baha bermelerine esaslanýar.
Starlink tarapyndan hödürlenýän Internetiň tizligi Ýewropada geçen ýyl birneme pese gaçyşdan soň durnuklaşdy.
2023-nji ýylyň II çärýeginde 27 Ýewropa ýurdunyň 14-üsinde tizlik sekuntda 100 Mbit-den geçdi. Iň ýokary ortaça ýükleme tizligi Şweýsariýada hasaba alyndy – sekuntda 122 Mbit.
Mundan başga-da, Starlink 11 ýurtda, şol sanda Beýik Britaniýada, Gresiýada, Irlandiýada we Italiýada adaty internet hyzmatlaryny üpjün edijilerden has ýokary tizligi görkezdi.


düýn 20:49
1.2k+

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....

23.04.2026 15:22
1.1k+

Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň ilkinji uçuşynyň wagtyny mälim etdi

SpaceX kompaniýasyny esaslandyryjy Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň–«Ship 39» prototipiniň ilkinji uçuşynyň 2026-njy ýylyň maý aýynyň başyna meýilleşdirilýändigini habar berdi....

02.04.2026 21:00
3.1k+

SpaceX IPO üçin arza berdi. Munuň taryhda ýerleşdirilen iň uly paýnama bolmagyna garaşylýar

Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar komissiýasyna ilkinji gezek köpçülige paýnama hödürlemegi (IPO) geçirmek üçin gizlinlik bilen arza berdi. Bu barada çeşmelere salgylanýan......

14.03.2026 23:33
4k+

Starlink interneti çaltlandyrmak üçin hemralarynyň bir bölegini Ýere has ýakyn getirdi

Ilon Maskyň Starlink kompaniýasy öz hemralary bilen aragatnaşygy gowulandyrmak üçin dürli usullary ulanýar. Soňky günlerde bu usullaryň biri hökmünde hemralar toparynyň bir bölegi Ýere golaý pes orbita geçirilýär...