2017-nji ýyldan bäri 500-e golaý smartfon brendi hatardan çykdy

  • 24.09.2023 15:38
  • 13k+

2017-nji ýylda ösüşiniň iň ýokary derejesinde bolan global smartfon bazarynda 700-den gowrak brendiň arasynda güýçli bäsdeşlik gidýärdi. 2023-nji ýyla çenli satuw göwrümi tassyklanan işjeň smartfon öndürijileriniň sany üçden iki bölek, tas 250-ä çenli azaldy. Şeýle maglumatlary 70-den gowrak döwletde smartfon satuwyny yzarlaýan Counterpoint analitik kompaniýasy getirýär diýip, 3dnews.ru belleýär.

Ösýän ulanyjy bazasy, gurluşlaryň hiliniň kämilleşdirilmegi, gajet çalşygy üçin has uzak sikller, ykdysady päsgelçilikler, 4G-den 5G-e geçiş ýaly uly tehnologiki geçişler ýyllarboýy işjeň brendleriň sanyny kem-kemden azaltdy. Hindistandaky Micromax we Bangladeşdäki Symphony ýaly köp sanly ýerli smartfon öndürijileri soňky bäş ýylda ep-esli paýlaryny ýitirdiler ýa-da bazary terk etdiler.
Smartfon öndürijileriniň sanynyň azalmagy, esasan, ýerli brendleriň hasabyna bolup geçýär, global kompaniýalaryň sany bolsa durnuklylygyna galýar. Ýerli brendler diňe Aziýa-Ýuwaş umman sebiti, Latyn Amerikasy, Ýakyn Gündogar we Afrika ýaly fragmentirlenen bazarlary bolan sebitlerde arzan gurluşlaryň bazarynda satuwlaryny saklaýarlar.
Çalt ösýän smartfon pudagynda uly bolmadyk kompaniýalaryň gözleglere we işläp düzmelere, önümçilige we potensialy artdyrmaga maýa goýmak mümkinçilikleri ýok. Mundan başga-da, kiçi brendleriň köpüsinde sport we kino dünýäsinden meşhur adamlaryň gatnaşmagynda global premýeralary hem-de uly mahabat we marketing çärelerini geçirmäge serişdeler ýok.

düýn 20:25
4.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
5.6k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.5k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......