Toyota-nyň ilkinji konweýersiz zawodynda täze robotlar peýda boldy

  • 23.09.2023 17:41
  • 17k+

Toyota Motor kompaniýasy ýygnalan ýeňil awtomobilleri daşamak üçin ýük robotlaryny işe girizip başlady. Ilkinji robot sentýabr aýynda Motomati flagman zawodynda işläp başlady. 2024-nji ýylyň ahyryna çenli Motomati zawodynda şeýle ýük robotlaryndan 10 sanysy hereket eder diýip, ixbt.com habar berýär.

Olaryň ulanylyşyny kem-kemden kompaniýanyň beýleki kärhanalaryna-da ýaýratmak meýilleşdirilýär. Bu robotlar Vehicle Logistics Robot (VLR) adyny aldy. Olar awtomobiliň/teker bazasynyň beýikligine baglylykda ýük platformasyny galdyryp, aşak düşürip, süýşürip we aýryp bilýärler, bu hem dürli ululykdaky ulag serişdelerini daşamaga mümkinçilik berýär.
Şeýle-de, robotlar öz platformalaryna diňe ýygnalan täze awtoulaglary ýerleşdirip, olary diler merkezlerine ibermek üçin ýükleme nokadyna eltýärler. Zawodyň çäginde hereket edende enjam awtomatiki nawigasiýa ulgamyndan peýdalanýar.
Ýokary derejede takyk awtonom hereketden başga-da, kompýuter ulgamy merkezleşdirilen ýagdaýda birnäçe robotyň hereketini dolandyrýar, howpsuzlyga gözegçilik edýär we daşama prosesini optimal ugurlar boýunça üpjün edýär.
Mundan başga-da, adaty sürüjili awtomobillerden tapawutlylykda, häzirki ýagdaýda gapylary açmak we ýapmak zerurlygy ýok bolup, bu ulaglary boşluksyz ýerleşdirmäge we zawodyň çägini has netijeli ulanmaga mümkinçilik berýär.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......