Insaýder: Samsung Galaxy S23 FE-niň tanyşdyrylyşy oktýabr aýynda geçiriler

  • 23.09.2023 17:39
  • 8.4k+

Insaýderi “Twitterde” Samsung Galaxy S23 FE gurluşynyň ilkinji resmi tizerini ýerleşdirdi. Ol reliziň senesini mälim etmeýär, ýöne görnüşi ýaly, smartfon eýýäm indiki aý tanyşdyrylar diýip, gagadget.com belleýär.

Eger gürrüňlere we maglumatlara salgylansaň, Samsung Galaxy S23 FE Full HD+ durulykly we 120 Gs ýygylykly 6,4 dýuým AMOLED ekranyna eýe bolar. Mundan başga-da, smartfon Exynos 2200 ýa-da Snapdragon 8 Gen 1 çibi (sebite baglylykda), 6/8 GB operatiw ýat, 128/256 GB içerki ýat, 25 Wt zarýad bilen 4500 mAs sygymly akkumulýator hem-de 50 Mp + 8 Mp + 12 Mp kamera bilen üpjün ediler.
Galaxy S23 FE smartfonyndan başga-da, Samsung indiki aý Galaxy Buds FE TWS-nauşniklerini we Galaxy Tab S9 FE planşet hataryny görkezip biler.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...