Huawei dünýäde 120 müňden gowrak patent aldy

  • 23.09.2023 17:22
  • 4.5k+

Hytaýyň telekommunikasion enjamlary öndürijisi Huawei tutuş dünýäde 120 müňden gowrak awtorlaşdyrylan patent aldy. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugynyň ýolbaşçysy Wan Szýanfen intellektual eýeçilik boýunça 12-nji Hytaý ýyllyk konferensiýasynda aýtdy diýip, interfax.ru habar berýär.

Onuň aýtmagyna görä, bu kompaniýanyň gözleglere we işläp düzmelere üznüksiz maýa goýumlaryna ygrarlygy bilen baglanyşyklydyr. Soňky 10 ýylda kompaniýanyň ylmy-gözleg we tejribe-konstruktor işlerine umumy çykdajysy 977,3 mlrd ýuan ($136 mlrd) boldy diýip, Sinhua agentligi habar berýär.

“2022-nji ýylda, çylşyrymly daşky şertlere garamazdan, Huawei-niň ylmy-gözleg we tejribe-konstruktor işlerine maýa goýumlary 161,5 mlrd ýuana ýetip, satuwlardan gazanylan girdejiniň dörtden bir bölegini emele getirdi” – diýip, Wan Szýanfen belledi.

Şeýle-de, ol kompaniýanyň ylmy-gözleg we tejribe-konstruktor işlerine çykdajylar boýunça dünýäniň tehnologiýa kärhanalarynyň arasynda dördünji orunda durýandygyny belläp geçdi.
Şol bir wagtyň özünde kompaniýa öz innowasiýalaryny dünýä bilen paýlaşýar. Wan Szýanfeniň aýtmagyna görä, Huawei Aziýada açyk başlangyç kodly önümleri iň uly üpjün edijidir.


16.01.2026 08:10
3.8k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.6k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.3k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...

16.12.2025 17:18
2.7k+

Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady

Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler...