Apple hakykylygyny barlamak üçin iPhone 15 gutularyna görünmeýän QR kodlaryny goşdy

  • 23.09.2023 09:41
  • 10k+

Apple kompaniýasynyň önümlerini, köplenç, ýasaýarlar, şonuň üçin kompaniýa iPhone 15-e diňe ultrabenewşe çyrasy bilen görüp bolýan hakykylygyň täze görkezijisini goşdy diýip, ixbt.com habar berýär.  

Wideolar iPhone 15 smartfonlarynyň gutularynda diňe ultrabenewşe çyrasynyň aşagynda görünýän etiketkalaryň we QR kodlarynyň bardygyny görkezýär. Bu gologrammalar müşderilere we hatda Apple kompaniýasyna-da möhürlenen gutynyň hakykydygyny ýa-da däldigini anyklamaga kömek edýär.
Käbir satyjylar Apple tarapyndan öndürilen asyl gutularyň takyk nusgalary bolan ýasama gutulary ulanyp, öň ulanylan ýa-da gaýtadan abatlanan gurluşlary täze ýaly gaýtadan gaplaýarlar. Bu gurluşlar soňra täze gurluşlaryň bahasyndan satylýar.
Umuman, ýasama aýfon gutularyny çykarýanlaryň bu tehnologiýany-da çalt özleşdirjekdigini çaklamak bolar. Bu iPhone we AirPods gutularyndaky täze ýyrtylyp aýrylýan zolaklar bilen hem şeýle bolupdy.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...