Gazagystanly futbolçy 2023-nji ýylyň iň gowy golunyň awtory adyna dalaş edýär

  • 23.09.2023 09:40
  • 11k+

“Ordabasy” klubundan Gazagystanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Ashat Tagybergen Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) Ferens Puşkaş adyndaky baýragyna dalaşgärleriň sanawyna goşuldy. Bu barada guramanyň resmi saýtynda habar berilýär diýip, rsport.ria.ru belleýär.

Tagybergen 23-nji martda 2024-nji ýylyň Ýewropa çempionaty üçin saýlama ýaryşynda Gazagystanyň we Daniýanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky oýunda (3:2) tapawutlandy.
Şeýle-de, baýraga dalaşgärleriň sanawyna argentinaly Alwaro Barreal (“Sinsinnati”), kolumbiýaly Linda Kaýsedo (“Real”), paragwaýly Hulio Ensiso (“Braýton”), günorta koreýaly Kan Son Jin (“Seul”), awstraliýaly Sem Kerr (“Çelsi”), urugwaýly Braýan Losano (“Penýarol”), braziliýaly Gilýerme Madruga (“Botafogo Ribeýran-Pretu”), ispaniýaly Iwan Morante (“Rasing”), portugaliýaly Nunu Santuş (“Sporting”) we braziliýaly Beatris Dzaneratto (“Palmeýras”) goşuldy.


şu gün 16:18
1.6k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.7k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....