Bentley 595 funt sterlinge üç tigirli welosiped çykardy

  • 22.09.2023 18:05
  • 14k+

Bentley kompaniýasy we onuň Mulliner bölümi üç tigirli welosipediň çykarylandygyny habar berdiler. Ol bäş ýaşa çenli çagalar üçin niýetlenendir we Mulliner awtoulagynyň dizaýn böleklerini özüne siňdirmek bilen gurlandyr. Bahasy – 595 funt.

Birnäçe dizaýn çözgütleri üç tigirli welosipediň iň kaşaň Bentley modelleri üçin niýetlenen bölüme degişlidigini görkezýär. Mysal üçin, awtoulaglarda ulanylýanlara meňzeş teker diskalarynyň konturlary, hromlanan nyşany we typmakdan goraýan örtükli pedallar bar.
Oturgyjy ýörite welosiped üçin niýetlenendir: ýumşak goýulýan tikin “ulularyň” Bentley-sinden göçürilen. Täze önüm howpsuzlyk kemerleri, Gün şöhlesinden goraýan serpme telär we çagalaryň goşlaryny saklamak üçin sebet bilen enjamlaşdyrylandyr.
Täze Bentley-ni alty aýlykdan bäş ýaşa çenli ýaşajyk sürüjiler ulanyp bilerler. Körpejeler üçin çaga arabasy režimi göz öňünde tutulan we sürüji ulaldygyça welosiped hem transformirlenip, onuň göwresine görä sazlanyp biler.

düýn 20:25
4.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
5.7k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.6k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......